terbiye nesil yasuly THE ASHGABAT TIMES

Sowatly nesil – geljegi sowgatly halk

29.10.2025

Ata Watanymyzda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkitmek, maşgala däplerini mynasyp dowam etdirmek, kämil bilimli we edep-terbiýeli nesilleri kemala getirmek ýaly derwaýys meseleler elmydama üns merkezinde saklanylýar. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaş nesle mynasyp bilim-terbiýe bermäge, ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgeleriň taryhy köklerini öwrenmäge, terbiýeçilik işini döwrümiziň talaplaryna laýyk ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Biziň ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgämiz bar. Bu ýol pederlerimiziň mizemez altyn ýoly bolup, onda nesillere mynasyp terbiýe bermek, durmuşa taýýarlamak, ynam bildirip, geljege atarmak meseleleri möhüm orun tutýar. Hut şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Halkymyzyň taryhyna, şu gününe we geljegine dahylly pikirlerimi, garaýyşlarymy, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişip, ilkinji toplan tejribelerim hakyndaky pikirlerimi şu günlerem gündeligime ýazmagy dowam etdirýärin. Bu gün seljersem, gündeliklerim, olardaky ýazgylar ep-esli bolupdyr. Olary okyjylar bilen paýlaşmak islegi döredi. Atam pahyryň maslahatyna eýerip, kitap ýazmak hakynda pikir edip başladym» diýip nygtaýar.

Bilim — jemgyýetiň ösüşini öňe ilerlediji güýç. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar». Şonuň üçin-de, ýaşaýşymyzy ýagtylandyrýan, durmuşymyzy gözelleşdirýän açyşlar, ylmy üstünlikler diňe bilim beriş derejesiniň hiline bagly bolmak bilen, ýurdumyzda döwlet bilim syýasaty ynsanperwerlik, millilik, terbiýe bilen bitewülik, dünýewilik, ylym we önümçilik bilen baglanyşyklylyk, döwrebaplyk ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde ýaş nesle kämil, öňdebaryjy bilim-terbiýe berilýän bolsa, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ýaşlaryň müňlerçesinden milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekip, ata Watanymyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşjak hünärmenleriň uly tapgyry taýýarlanylýar.

Ýaşlyk geljegi bolany üçin bagtlydyr. Şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň durmuş tejribesine we çuňňur many-mazmuna ýugrulan täze eserinden bir bölege üns bersek has ýerlikli bolar: «Atam pahyr her bir wakany rowaýatdyr tymsallaryň üsti bilen berkidip gürrüň bermegi halardy. Şeýdilende, ýaňzydylýan söz aňda has mäkäm orun alýar. Rowaýatlara görä, akyldarlaryň biri: «Haýsy daragt has köp wagtlap hasyl berýär?» diýip sorapdyr. Şägirtleriniň hersi bir pikiri orta oklapdyr, ýöne jogaplaryň hiç biri akyldary kanagatlandyrmandyr. «Iň bereketli hasyl diňe nesil daragtynda bolar. Sowatly, terbiýeli, düşünjeli bir nesil ýetişdirip bilsek, halkyň onlarça asyrlyk bagtly ykbalyny kepillendirdigimizdir. Sowatly nesil geljegi sowgatly halkdyr» diýip, akyldar jogap beripdir».

Goý, täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen kämil terbiýeli ýaşlaryň belent maksatlary rowaç alsyn! Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, beýik işleri, döwletli ýoly mundan beýläk-de dowamat-dowam bolsun!

Didarmuhammet SEÝITNUROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
sport umumy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen sporty şöhratlanýar

bedew at anna THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bedew – ynsanyň syrdaşy, uçar ganaty

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop