Dark
Light
25.01.2026
turki gurama THE ASHGABAT TIMES

Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

08.10.2025

Düýn, 7-nji oktýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň başlyklygynda geçirilen sammite gurama agza we synçy ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary gatnaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak üçin dostlukly ýurda iş saparyny amala aşyrdy.

«Sebitleýin parahatçylyk we howpsuzlyk» mowzugynda guralan ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibine türki dünýäniň ýurtlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, umumy taryha, medeni-ruhy däplere daýanyp, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy, ykdysady ösüşi üpjün etmäge ýardam bermek bilen bagly meseleler girizildi. Sammitiň jemleri boýunça möhüm resminamalara gol çekildi.

Gahryman Arkadagymyzyň sammitdäki çykyşy türki döwletleriň umumy taryhyna, medeniýetine we ruhy mirasyna esaslanýan doganlyk gatnaşyklary has-da berkitmek bilen bagly pikir-garaýyşlary, teklipleri öz içine aldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda Türki Döwletleriň Guramasynyň baş maksadynyň türki döwletleriň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin we halkara derejede bilelikdäki tagallalarydyr hereketleri utgaşdyrmaga gönükdirilendigini belläp, dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşiniň häzirki örän çylşyrymly döwründe ýurtlarymyzyň halkara giňişlikde utgaşykly hereket etmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigine ünsi çekdi. 

Ýeri gelende bellesek, 2009-njy ýylda döredilen Türki geňeşiň işi parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy, özara gatnaşyklary giňeltmäge, gurama agza ýurtlaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir. 2021-nji ýylyň noýabrynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambulda geçirilen VIII sammitinde bu düzümiň ady «Türki Döwletleriň Guramasy» diýlip üýtgedildi. Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe Respublikasy we Özbegistan Respublikasy onuň agzalary bolup durýar. Wengriýa Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýedir. 2021-nji ýylda bu dereje biziň ýurdumyza hem berildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

metjit azer THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan Fizuli şäherinde metjit gurmaga girişdi

2qegibar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaşyl ykdysadyýet — geljege başlaýan täze ykdysady ýol

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop