Dark
Light
26.12.2025
572b426431c84f084ee14d298bfff0f9 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen alabaýy – milli buýsanjymyzyň nyşany

27.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan özüniň gadymdan gelýän milli däp-dessurlaryny gorap saklamak, nesillerden-nesillere geçirmek we ýaş nesillere düşündirmek ugrunda möhüm işleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler halkymyzyň medeni mirasyna bolan çuňňur hormatyň we jogapkärçiligiň beýanydyr.

Şu günlerde ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň güni giňden bellenilýär. Bu baýram halkymyzyň milli medeniýetiniň, buýsanjynyň hem-de tohum arassalygynyň nyşanyna öwrüldi. Alabaý itleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, olary halkara derejesinde tanatmak we ösdürmek bu baýramyň esasy maksadydyr.

Türkmen alabaýy – güýçliligi, çydamlylygy we wepadarlygy bilen tapawutlanýan, hakyky goragçy we wepaly ýoldaş hökmünde tanalýan ajaýyp it görnüşidir. Haýbatly görnüşine garamazdan, ol duýgur, rehimli we ynsan bilen çuňňur baglanyşyk gurup bilýän häsiýetlere eýedir.

Soňky ýyllarda türkmen alabaýyna dünýä derejesinde gyzyklanma artdy. Bu görnüş batyrlygy, gaýduwsyzlygy we ynanyşma döredýän häsiýetleri bilen halkara giňişliginde giňden tanalýar. Müňýyllyklaryň dowamynda öz aýratynlyklaryny saklap gelen alabaýlar häzirki wagtda diňe bir goragçy hökmünde däl, eýsem maşgala agzasy hökmünde hem kabul edilýär. Bu wepaly we dostlukly itler halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däplerine bolan baglanyşygyny görkezýär.

Gadymyýetden gelýän milli däp-dessurlarymyzy dünýä ýüzünde giňden tanatmakda uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan beýik tutumlary rowaçlyga beslensin!

Ýazberdi GURBANÝAZOW
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

italiya 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan – Italiýa: hoşniýetli gatnaşyklaryň nusgasy

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk – şanymyz we mertebämiz

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop