alabay bas THE ASHGABAT TIMES

Türkmen alabaýynyň baýramy bellenildi

27.10.2025

26-njy oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Toplumyň açyk manežiniň bäsleşik geçirilýän meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Soňra bäsleşige gatnaşdyrylýan alabaýlaryň görkezme çykyşlaryna orun berildi. Olar eýeleriniň öwreden endiklerini tomaşaçylara görkezdiler. Alabaýlaryň köp sanly janköýerleri olaryň ajaýyp daşky keşbi bilen birlikde, başarjaňlygyna hem baha berdiler. Olaryň öňünde anyk wezipeler, şol sanda päsgelçilikli zolaklary ýeňip geçmek wezipeleri goýuldy.

Şunlukda, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan Wepaly atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Türkmenistanyň at gazanan itşynasy O.Saparow. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — «Toyota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy.

Soňra türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşige ussat halypalar bilen birlikde, döredijilik ýoluna täze gadam basan ýaşlar hem gatnaşdylar. Türkmen alabaýynyň keşbi şekillendirilen iň nepis haly, iň gowy çeperçilik şekili, iň gowy heýkeli, iň gowy neşir önümi, türkmen alabaýynyň batyrgaýlygyny açyp görkezýän telewizion sýužet ugurlary boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy. Şunlukda, ýeňijilere — türkmen alabaýynyň daşky keşbi şekillendirilen «Watana gorag, ynsana dost sen, edermen türkmen alabaýy!» atly haly eseri üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy A.Orazgulyýewa; «Wepaly dost» atly nakgaş eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Y.Allanazarowa; «Türkmen alabaýy» atly heýkel eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby E.Gullyýewe; «Senenama — 2025» atly neşir işi üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Ç.Kemenowa; «Alabaýyň gaýduwsyzlygy» atly wideoşekil üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri M.Çaryýewe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan şahadatnamalar we sowgatlar gowşuryldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:27 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
k4sphsdfmzbkhed04uuysgijggua7y 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

xxtl5arqxid64n5zhjod9aajjgnnya 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti «Leonardo S.p.A» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Soňkylar Habar

GitTop