Dark
Light
24.01.2026
1576530671 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen halysy — milli sungatyň nagyşly nusgasy

01.10.2025

Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan medeni mirasynyň iň kämil we gymmatly görnüşleriniň biri — türkmen halysydyr. Ata Watanymyz Türkmenistan dünýäde halyçylygyň ýüregi hasaplanylýar. Bu sungatyň kökleri halkymyzyň ruhy dünýäsine, döredijilik zehinine, tebigata bolan söýgüsine we zähmetine siňendir. Türkmen halylaryndaky inçe nagyşlar halkymyzyň ýaşaýşa bolan söýgüsiniň, gözelligi duýmak ukybynyň hem-de ruhy baýlygynyň nyşanydyr. Her bir haly — bir taryh, bir duýgy, bir döredijilikdir. Bu sungat eserleri diňe bir öýleriň bezegi bolman, eýsem halkymyzyň ruhy mirasynyň ýüregidir. Şahyrlaryň setirlerinde, sazandalaryň dutarynda, halkymyzyň kalbynda türkmen halysy ylham çeşmesi bolup ýaşaýar.

Gaýtalanmajak haly sungatyny döreden çeper elli türkmen zenanlary halkymyzyň döredijilik güýjüniň we sabyrly zähmetiniň nusgasy bolup çykyş edýär. Ak öýleriň içki bezeginde, behişdi bedewleriň eňňamynda, toý lybaslarynda haly nagyşlarynyň owazy ýaňlanýar. Bu bolsa halkymyzyň milli mirasyna goýýan sarpasy, sungata bolan hormatyň aýdyň beýanydyr.

Irki döwürlerden bäri halkymyz tebigatyň gözelligine mährini siňdirip, ony döredijilik bilen birleşdiripdir. Haly nagyşlarynda ösümlikleriň, haýwanlaryň, janly-jandarlaryň şekilleri bilen birlikde, halk pähim-paýhasynyň, ýaşaýyş filosofiýasynyň hem beýany ýerleşýär. Türkmen topragy, bedewi, dutary, şaý-sepleri we halysy bilen gözelligiň nusgasy bolup çykyş edýär.

Türkmen halysy diňe bir milli gymmatlyk bolman, eýsem dünýä medeniýetiniň hem baýlygyny düzýär. Onuň nepisligi, reňk sazlaşygy, nagyş çylşyrymlylygy dünýäniň dürli ýurtlarynda ýokary baha berilýär. Bu sungatyň äleme ýaň salmagy halkymyzyň döredijilik zehininiň we medeni mirasynyň halkara derejesindäki şöhratydyr. Netijede, türkmen halysy halkymyzyň ruhy baýlygynyň, döredijilik zehininiň hem-de milli özboluşlylygynyň nagyşly beýanydyr. Goý, bu sungatyň owazy mundan beýläk hem äleme ýaň salyp, türkmen medeniýetiniň şöhratyny dünýä ýaýsyn!

Aýlar AKMYRADOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

c283a9aa04c316d6a9833de862cd23e5 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Milli medeni mirasymyz — halkymyzyň ruhy baýlygy

garassyzlyk yaslar caga THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bagtly ykballaryň gözbaşy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop