italiya 2 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen-italýan gatnaşyklarynda täze ädimler

28.10.2025

Mizemez ynama esaslanýan türkmen-italýan gatnaşyklary bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen belent sepgitleri nazarlaýar. Munuň şeýledigini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji resmi sapary we onuň dowamynda öňe sürlen başlangyçlardyr teklipler, gazanylan ylalaşyklar hem tassyklaýar.

Turuwbaşdan taryha nazar aýlamak bilen, türkmen we italýan halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň gözbaşynyň has irki döwürlerden başlanýandygy bize mälimdir. Baryp-ha, XIII asyrda ýaşan wenesiýaly syýahatçy Marko Polonyň türkmen topragynda dünýäde iň nepis halylaryň dokalýandygy hakynda aýdanlary taryhy çeşmelerde öz beýanyny tapýar. Akgoýunly türkmenler Uzyn Hasanyň hökümdarlyk eden ýyllarynda (1453 — 1478 ý.ý.) Aziýa we Ýewropa döwletleri bilen ýakyn gatnaşygy ýola goýupdyrlar. Sefewi türkmenleriniň hökümdarlary hem Wenesiýa, Genuýa, Neapol, Rim bilen diplomatik gatnaşyklary saklapdyrlar. Osmanly imperiýasy-da italýan döwletleri bilen harby-syýasy we diplomatik gatnaşyklarda bolupdyr. Gadymy dünýä taryhynda ilkinji gezek Nusaýda Günbatar döwleti Rim bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bolsa buýsançly hakykatdyr. Munuň özi Aziýa bilen Ýewropanyň medeniýetlerini birleşdiren topragymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalandygyna şaýatlyk edýär.

Taryhy gatnaşyklar häzirki wagtda täze röwüşde dowam etdirilýär. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Bu ýurda 2009-njy we 2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparlary, 2015-nji ýylda bolsa iş sapary amala aşyryldy. 2014-nji ýylda Italiýanyň Premýer-ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi. 2013-nji ýylda Türkmenistanda Italiýa Respublikasynyň ilçihanasy açyldy. 2016-njy ýylda bolsa Italiýada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barha giň gerime eýe bolmak bilen, Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Italiýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen köp sanly Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara dialog giň ugurlary öz içine alýar. Şu günki güne çenli türkmen-italýan gatnaşyklarynyň hukuk binýady resminamalaryň 39-sy bilen berkidildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly möhüm wakalarynyň biri hökmünde hakydalarda we taryh sahypalarynda ýakymly ýatlamalar bilen möhürlenjek hormatly Prezidentimiziň resmi saparynyň dowamynda gol çekilen köp sanly möhüm ähmiýetli döwletara resminamalar, gazanylan ylalaşyklar türkmen-italýan gatnaşyklarynda täze menzillere ýol açýar. Diňe bir iki ýurduň halklarynyň däl, eýsem, başga-da millionlarça ykballara täsir etjek şeýle möhüm wakalar Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä syýasy ummanynda dogry ýol bilen ösüşiň hem bagtyýarlygyň ýolunda ynamly öňe barýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Ogulbibi BAÝRAMMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
tramp new THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Ak tamda geçiriljek duşuşyga çagyrdy

612da4d5c1c05474084320 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Telekeçilik pudagy ösdürilýär

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop