Dark
Light
03.01.2026
sport umumy THE ASHGABAT TIMES

Türkmen sporty şöhratlanýar

29.10.2025

Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär, halklary we döwletleri jebisleşdirýär. Sport — parahatçylygyň ilçisi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir. Sport siziň beden we ruhy sagdynlygyňyz babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir» diýip belleýär. Ýeri gelende nygtasak, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, umumybilim berýän, şeýle-de ýöriteleşdirilen orta-hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe taýýarlygy boýunça sapaklar girizildi. Munuň özi ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin edilýän tagallalardan nyşandyr.

Ýurdumyzda soňky ýyllarda sport hereketini ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ähli sebitlerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleri we beýleki degişli desgalar guruldy. Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ýöriteleşdirilen lukmançylyk we anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Şeýle binýatlaýyn esasda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly üstünlikler gazanyldy. Muňa anyk mysallaryň biri hökmünde täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäherde birnäçe sport desgalary — köpugurly sport toplumy, suw sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion guruldy.

Ýurdumyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmak türgenlerimiziň öňünde möhüm wezipe durýar. Şeýle belent maksatlara ýetmek üçin hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň aladalary esasynda Diýarymyzda uly işler amala aşyrylýar. Halkymyzyň saglygy, ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Ylýasguly AŞYRBAÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

220223 028 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Internet torlarynyň giňelmegi bilen maglumat alyş-çalyşygyň kämilleşmegi

terbiye nesil yasuly THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sowatly nesil – geljegi sowgatly halk

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop