Dark
Light
26.12.2025
italiya 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan – Italiýa: hoşniýetli gatnaşyklaryň nusgasy

27.10.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga esaslanýan daşary syýasy strategiýamyz häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji resmi sapary we onuň dowamynda öňe sürlen başlangyçlardyr teklipler, gazanylan ylalaşyklar hem tassyklaýar.

Türkmenistan we Italiýa Respublikasy ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, energetika ulgamlarynda we hususy pudakda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary görkezip bolar. Soňky ýyllarda köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Bu bolsa, elbetde, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagyna itergi berýär.

2024-nji ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabatda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» atly medeni-seýilgäh toplumy hem-de akyldar şahyrymyzyň ägirt uly heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy. Toplumyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdylyp, olaryň arasynda italýan halkynyň meşhur filosofy, akyldary we şahyry Dante Aligýeriniň heýkeli hem bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň dowamynda Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçirilen «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň has-da çuňlaşdyrylmagynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Ýeri gelende bellesek, «Merkezi Aziýa — Italiýa» formaty özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin netijeli platforma bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň bu formatyň sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň Ýewropada esasy hyzmatdaşlaryň biri hökmünde Italiýa möhüm ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň köptaraplaýyn formatda ara alnyp maslahatlaşylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika, ulag we infrastruktura ýaly ulgamlarda mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmäge we ykdysadyýetiň pudaklaryna öňdebaryjy italýan tehnologiýalaryny hem-de maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berýär.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary alyslary nazarlaýan türkmen-italýan dostlugynyň günbe-günden berkeýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr.

Jennet MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

7ptxiywpfsvmy4coaor4b0tzknkzji 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy

572b426431c84f084ee14d298bfff0f9 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen alabaýy – milli buýsanjymyzyň nyşany

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop