qcgf6h5vpqokymetnoindc0zfltg9g 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan we Botswana Respublikasy diplomatik gatnaşyklary ýola goýdular

22.10.2025

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Botswana Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýanatyň gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Dabaranyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Botswana Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Çarlz Masoleniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, guramalaryň ugry boýunça, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar BMG-niň gün tertibinde özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşdylar. Bu ugurlar parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek hem-de durnukly ösüş meselelerini öz içine alýar.

Duşuşygyň barşynda Ilçi A.Ataýewa Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Botswana Respublikasynyň Hökümetini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Botswana Respublikasynyň hökümetlerini we halklaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen gutlap, bu ädimiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkemegine we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm itergi berjekdigini nygtadylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk we ynanyşmak – umumadamzat gymmatlygy

innxpbd740znthkpuearcziiwknigo 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop