tu1slplkausk79m7q8yhw5bpk78cna 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan we Gruziýa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýarlar

22.10.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow resmi sapar bilen Gruziýa bardy. Saparyň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda onuň Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem köptaraplaýyn formatdaky, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli alnyp barylýandygy nygtaldy.

Gruziýanyň Premýer-ministri şu ýyl Türkmenistana amala aşyran resmi saparlarynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny, olaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýeti eýeländigini belledi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
innxpbd740znthkpuearcziiwknigo 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

k1xjxvwvagmgwr5afvnijgjgz0ottf 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan we Gruziýa parlamentara dialogy pugtalandyrmagy maksat edinýär

Soňkylar Habar

Aşgabatda baýramçylyk konserti  guraldy

13.12.2025
Düýn, 12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

12.12.2025
Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar! Sizi Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistan Garaşsyzlygy ykrar edilen
GitTop