med azer THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Medeniýet günleri geçirildi

20.10.2025

Şu ýylyň 13 — 15-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Baku şäheriniň G.Alyýew adyndaky merkeziniň dabara jaýynda öz işine başlan medeni çärede iki ýurduň medeniýet ulgamynyň wekilleri täsirli çykyşlary ýerine ýetirdiler. Açylyş dabarasynyň çäginde ýurdumyzyň amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň we fotoserginiň guralmagy milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýüzünde uly gyzyklanma eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Azerbaýjan Respublikasynyň milli kitaphanasynda Türkmenistana bagyşlanan kitap sergisiniň görkezilmegi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasa eýlenen kitaplarynyň, şeýle-de ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň eserleriniň, gazet-žurnallaryň, neşir önümleriniň sergisiniň guralmagy doganlyk türkmen edebiýaty bilen tanyşmakda möhüm ähmiýetlidir. Bu ýerde geçirilen esasy çäreleriň biri-de Azerbaýjanyň görnükli ýazyjy-şahyrlary bilen döredijilik duşuşyklarydyr.

Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäheriniň deňiz kenarynda ýerleşýän seýilgähde türkmen milli tagamlarynyň görkezilip, myhmanlara hödürlenilmegi bilen birlikde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň guralmagy medeni gatnaşyklary täze derejä çykarmaga, ýardam berýär. Şeýle hem Genje şäheriniň Döwlet filarmoniýasynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda ýerine ýetirilen çykyşlar hem aýratyn ýatdagalyjylygy bilen tapawutlanyp, ýokary derejede geçirilen medeni çärelere aýratyn öwüşgin çaýdy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
foto 3 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

FAO-nyň «Bitewi saglyk» sebitleýin taslamanyň çäginde «Brusellýoz» boýunça okuw maslahaty geçirilýär

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň Binýady

Soňkylar Habar

GitTop