Dark
Light
24.01.2026
ekologiya dashky gurshaw envirenment of turkmenistan nature tebigat THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty: tebigaty goramagyň we geljegiň kepili

31.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde hem-de daşky gurşawy goramakda dünýä derejesinde möhüm işleri durmuşa geçirýär. Ekologiýa meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, halkymyzyň abadan durmuşyny, arassa tebigaty we baý ekologik mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen giň gerimli çäreler amala aşyrylýar.

Daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak adamzadyň bagtyýar geljeginiň esasydyr. Türkmenistan bu ugurda sebit hem-de halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurt BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly ýöriteleşdirilen edaralar bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şeýle hyzmatdaşlyklar Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Ýurt boýunça her ýyl geçirilýän agaç nahallaryny oturtmak çäreleri, baglara ideg etmek we tebigaty gözel saklamak işleri halkymyzyň arasynda asylly däbe öwrüldi. Bu çäreler diňe bir daşky gurşawy abadanlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem tebigata jogapkärli çemeleşmegiň hem-de rejeli peýdalanmagyň medeniýetini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaş nesliň gatnaşmagy aýratyn orun eýeleýär. Olaryň tebigata bolan söýgüsini, goragly garaýşyny ösdürmek, geljekde ekologiýa taýdan durnukly jemgyýetiň binýadyny berkidýär. Şu nukdaýnazardan, ekologiýa biliminiň giňden wagyz edilmegi, ýaşlaryň bu ugurda işjeň gatnaşmagy döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde kabul edilýär.

Netijede, Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty diňe bir milli däl, eýsem halkara derejesinde hem möhüm başlangyç hökmünde çykyş edýär. Tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we geljekki nesiller üçin sagdyn gurşawy döretmek döwletimiziň parahatçylykly, durnukly we ösüşe gönükdirilen syýasatynyň aýrylmaz bölegidir.

Zekeriýa ETREKOW
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

glawny THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Telekommunikasiýa ulgamynda maglumat howpsyzlygyny üpjün etmegiň hazirki meseleleri

pmhwp6dgfruaddpqjm4c0qbvbqz9ctlzmdufajpeaeg6iew2bwkolmnv1ari THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaşlar – Berkarar döwletiň beýik geljeginiň binýady

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop