Dark
Light
27.12.2025
f72917c6be2501745414f9486ec0a503 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady

17.10.2025

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasy halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolup, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýar. Bu ýörelge parahatçylykly ýaşaýyş, sebitde durnukly ösüş we howpsuzlyk üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Soňky 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan dünýäniň ynamdar hyzmatdaşyna öwrülip, halkara gatnaşyklarynyň işjeň agzasy hökmünde tanaldy.

Dünýä jemgyýetçiligi ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny birnäçe gezek ykrar etdi. Bu ýagdaý Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynda hem öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty halkara hukugyň berk binýadyna daýanýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen üç sany Kararnama bu syýasatyň halkara derejesindäki ähmiýetini tassyklaýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly taryhy Kararnama bilen ýurdumyz resmi taýdan Bitaraplyk derejesine eýe boldy. Bu Kararnama 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda kabul edilip, Türkmenistanyň halkara hukuk derejesini ykrar etdi. Şeýle-de, ol beýleki döwletleri ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we daşary syýasatdaky ýörelgelerini goldamaga çagyrdy.

Kararnama Türkmenistanyň halkara hukugyň we BMG Tertipnamasynyň ýörelgelerine laýyklykda öz daşary syýasatyny özbaşdak kesgitlemäge bolan hukugyny tassyklady. Şeýle hem, bu syýasat diňe BMG tarapyndan däl, eýsem Goşulyşmazlyk Hereketi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara düzümler tarapyndan hem goldanyldy. Bu bolsa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan oňyn başlangyç hökmünde kabul edilýändigini görkezýär.

2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ikinji gezek ykrar edýän Kararnama kabul edildi. Bu resminama ýurdumyzyň halkara hukuk derejesini berkitmek bilen bir hatarda, onuň parahatçylykly gatnaşyklary ösdürmekdäki işjeň ornuny hem ykrar etdi. Şeýle hem, Kararnama Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň durnukly we ygtybarly üstaşyr geçirilmegi, ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi ýaly başlangyçlaryny goldady.

2025-nji ýylyň 21-nji martynda bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy üçünji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen ykrar edildi. Bu resminamada ýurdumyzyň öňüni alyş diplomatiýasyndaky orny, ynsanperwerlik kömegindäki işjeňligi we sebitde hem-de dünýä derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine goşandy aýratyn nygtalýar.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etdi. Şeýle hem, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilip, bu syýasatyň ähmiýeti has-da artdy. BMG-niň çäklerinde döredilen “Bitaraplygyň dostlary” topary bolsa bu ugurda tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.

Netijede, Türkmenistan özüniň Bitaraplyk syýasatyny diňe bir halkara kadalara laýyklykda alyp barmak bilen çäklenmän, eýsem ony dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň möhüm guraly hökmünde işjeň ösdürýär. Bu syýasat ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyryp, dünýäde parahatçylyk döredijilikde öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda ornuny berkidýär.

Güljahan MEDJANOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

171025 pr THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

171025 50 zasedanie THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop