Dark
Light
03.01.2026
pr palace2 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

01.10.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, şeýle hem ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Hytaýyň soňky ýyllarda ykdysady ösüşde we halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmakda ýeten sepgitlerine ünsi çekip, dostlukly ýurtda hytaý döwrebaplaşmasyny ilerletmek boýunça özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. “Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyz halkara giňişlikde birek-birege özara goldaw berýärler, her ýyl söwda dolanyşygy artýar, medeni alyşmalar höweslendirilýär” diýlip, hatda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Týanszin şäherinde geçirilen ŞHG-niň sammitiniň işine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Hytaýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Pekinde Si Szinpin bilen hormat goýmak we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, bu saparyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge täze itergi berjekdigine, şeýle hem dostluk, düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri, Hytaýyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

01 10pr THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna

mid biskek 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bişkekde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop