2025-nji ýylyň 30-njy sentýabryndan 2-nji oktýabry aralygynda Demirgazyk Makedoniýanyň Skopýe şäherinde Ýatgy boýunjygynyň howply täze döremeleriniň öňüni almak boýunça Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň Sebit bileleşiginiň bäşinji ýyllyk forumy geçirildi. BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) goldawy bilen guralan bu forum sebitiň ýurtlaryna tejribe alyşmak we keseliň öňüni almak boýunça milli strategiýalaryny güýçlendirmek üçin meýdança öwrüldi.

Forumyň işine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden hünärmenler wekiliýeti gatnaşdy. UNFPA-nyň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň goldawy bilen guralan bu sapar, ýatgy boýunjygynyň howply täze döremeleriniň öňüni almak we bu kesele garşy göreşmek boýunça milli strategiýalaryny güýçlendirmek maksady bilen tejribe alyşmaga gönükdirildi.

Türkmen hünärmenleriniň bu çärä gatnaşmagy olara sebitiň beýleki ýurtlarynda ulanylýan öňdebaryjy tejribeler we iň täze çemeleşmeler bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak we hünär gatnaşyklaryny ýola goýmak, milli işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we ýatgy boýunjygynyň howply täze döremeleriniň öňüni almak we bejermek usullaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär. Bu waka Türkmenistanyň we UNFPA-nyň ýatgy boýunjygynyň howply täze döremelerini ýok etmek baradaky umumy maksada ygrarlydygyny ýene-de bir gezek görkezdi.
Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada ýatgy boýunjygynyň howply täze döremeleriniň öňüni almak boýunça sebit bileleşigi — bu ýurtlaryň bu kesele garşy göreşmekde tejribe alyşýan hyzmatdaşlyk platformasydyr. Her ýyl geçirilýän forum milli strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak we güýçlendirmek üçin esasy çäre hökmünde çykyş edýär. Bu çäre UNFPA, MSD Roche we Abbott ýaly hyzmatdaşlaryň goldawy bilen geçirilýär.