yunfpa provel onlajn trening po obnovleniyu klinicheskih protokolov dlya vrachej akusher ginekologov THE ASHGABAT TIMES

UNFPA akuşer-ginekolog lukmanlary üçin kliniki protokollary täzelemek boýunça onlaýn okuw maslahatyny geçirdi

26.10.2025

BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) 2021-2025-nji ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasynyň çäklerinde, UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy akuşer-ginekolog lukmanlary üçin onlaýn okuw maslahatyny geçirdi. 2025-nji ýylyň 21-23-nji oktýabry aralygynda geçirilen okuw maslahaty akuşerçilik we ginekologiýa boýunça kliniki protokollary täzelemekde we ýerine ýetirmekde milli mümkinçilikleri ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Okuw maslahatyny UNFPA-nyň halkara geňeşçisi Stelian Hodorogea alyp bardy.

Üç günlük okuwyň dowamynda hünärmenler göwreliligi we çaga dogluşyny dolandyrmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelerini öwrendiler. Hususan-da, göwreliligiň möhletini tassyklamagyň usullary we patologiki göwreliligiň diagnostikasy, gaýtalanýan çaga düşmegini ylmy taýdan esaslandyrylan dolandyrylyşy we progesteronyň netijeliligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar şeýle hem çaga dogluşyndan soňky gan akmalara baha bermegi we bejermegi, infuzion-transfuzion terapiýany, şeýle hem düwünçegiň ösüşiniň saklanmagy wagtynda profilaktika we skrining meselelerini öwrendiler.

Mundan başga-da, Stelian Hodorogeanyň öňki maslahatynyň çäklerinde (22-nji we 24-nji sentýabrda) kliniki protokollaryň täzelenmegini ara alyp maslahatlaşmak we utgaşdyrmak üçin milli hünärmenler bilen iki sany onlaýn duşuşyk geçirildi. Bu çäreler UNFPA-nyň Türkmenistanyň hökümeti bilen milli saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmaga hem-de enäniň we çaganyň saglygyny goramaga gönükdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň bir bölegidir.

Ýeri gelende bellesek, Stelian Hodorogea Moldowanyň döwlet lukmançylyk we farmasiýa uniwersitetiniň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň dosentidir. Onuň akuşerçilik we ginekologiýa ulgamynda mugallymçylyk we kliniki tejribesi 25 ýyldan gowrak bolup, ol Kişinýow şäherindäki çaga dogrulýan öýde işlän tejribesini hem öz içine alýar. Ol reproduktiw saglygyny goramagyň möhüm meselelerine bagyşlanan 80-den gowrak ylmy neşirleriň hem awtorydyr.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
v ashhabade proshel seminar dlya speczialistov telefona doveriya i soczialnyh rabotnikov THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda ynam telefon gulluklarynyň we sosial işgärleriň hünärmenleri üçin okuw maslahaty geçirildi

7ptxiywpfsvmy4coaor4b0tzknkzji 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy

Soňkylar Habar

GitTop