Dark
Light
27.12.2025
mekdep baslangyc THE ASHGABAT TIMES

Watanymyzyň bagtly geljegi

22.10.2025

Eziz Diýarymyzda ýaş nesiller aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary ylym-bilime höweslendirmegiň hut çagalar baglaryndan başlanmalydygyny nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli tabşyryklary esasynda, ýurdumyzda bu ugurda döwrebap özgertmeler, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalardan peýdalanylyp, interaktiw usulda okuw-görkezme esbaplary, audio-wideo materiallary taýýarlamak we okuw işinde ulanmak giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa çagalarda bilime söýginiň has körpeje wagtyndan başlanmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär.

Bagtyýar çagalaryň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnygyny döredijiligiň üsti bilen açyp görkezmegi, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy bilen bir hatarda, olaryň zähmete höwesini artdyrmak meselelerine-de möhüm ähmiýet berilýär, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Munuň özi ýaş nesliň döwrebap bilimli-terbiýeli we zähmetsöýer bolup ýetişmeginde aýratyn ähmiýetli bolup, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň barha dabaralanýandygyny aňladýar.

Häzirki wagtda durmuşymyzda täze tehnologiýalar, aýratyn-da, sanly bilim ulgamy uly orny eýeleýär. Çagalar ak mekdebiň gapysyndan ätlän ilkinji pursatlaryndan ellerine okuw üçin gerekli bolan programmalar bilen üpjün edilen kompýuterleri sowgat alýarlar. Bu bolsa ýaş nesilleriň hem-ä döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna, hem-de geçýän okuw derslerini has täsirli özleşdirmegine kömek edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny depginli ösdürmekde uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Äşe ÇARYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 78-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sanly ulgam b THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Özgerişleriň sanly ösüşi

talyp bilim yaslar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Adamzadyň iň gymmatly baýlygy

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop