Dark
Light
25.01.2026
sary yapon caga THE ASHGABAT TIMES

Ýaponiýada çagalar näme üçin sary reňkli şapka geýýärler?

06.10.2025

Bu soraga ozal bir ýerlerde gabat gelipdiňizmi? Ýa-da Ýaponiýada syýahatda bolanyňyzda sary şapkaly çagalar ünsüňizi çeken bolsa gerek. Onda näme, geliň bu soragyň jogabyna bilelikde göz ýetireliň:

Ýaponiýada 6 ýaşyny dolduran çagalar mekdebe ýeke özleri gidýär. Ýeke özleri pyýada ýöreýärler, awtobusa ýa-da metrolara münýärler. Eýsem, olar näme üçin ýekelikde gidýärkäler?

Sebäbi ýapon çagalary ýaşlykdan hiç kime garaşsyz, özüňe ynamly we jogäpkärçilikli bolmagy öwrenýärler. Ýöne muňa garamazdan, köp ýurtlarda ýagdaý beýle däldir. Ýagny ene-atalar çagalaryny gözüniň göreji deý goraýarlar. Özleri okuwa eltip, sapaklardan soňra bolsa ýene-de alyp gaýdýarlar.

Ýaponiýa – dünýäniň iň ygtybarly ýurtlaryndan biridir we ýurtda her kim birek-biregiň çagalaryny goraýar. Eger-de köçelerde sary şapkaly çagalary görseňiz, onda olar bilim ojaklaryna barýandyrlar. Şeýlelikde, uly ýaşly adamlar näsazlyga uçran sary şapkaly çagalary görenlerinde haýal etmän ýardam bermäge girişýärler. Olara edil öz çagalary ýaly seredýärler. Ýapon ene-atalary çagalaryny ýekelikde mekdebe ugradanlarynda hiç hili aladalanmaýarlar. Çünki bu ýagdaý olarda medeniýetiň bir görnüşine öwrülendir.

Siziň pikiriňize görä, bu ýagdaý dogry usulmy?!

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hatyra halk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halk hakydasy – ýurt hatyrasy

628b2226572c0688768982 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň häzirki ykdysadyýeti we ösüş ugurlary

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop