Dark
Light
27.12.2025
tebigat bas 780x470 1 THE ASHGABAT TIMES

Ýaşyl toprak, arassa howa – biziň jemgyýetçilik borjumyz

24.10.2025

Tebigat — adamzat güýjüniň we ýaşaýşynyň binýady. Arassa howa, süýji suw, bereketli toprak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygy şahsy we jemgyýet durmuşynyň berk sütunlarydyr. Halkymyz asyrlardan bäri tebigaty goramagy we ony aýawly saklamagy mukaddes borç hasaplapdyr. Häzirki döwürde bu borç diňe ruhy gymmatlyk däl, eýsem döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. “Ýaşyl” döwlet syýasatynyň çäginde paýtagtymyz Aşgabadyň we welaýatlarymyzyň köçelerinde köpçülikleýin bag we agaç ekmek işlerine uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen döredilýän tokaý zolaklary şäherleriň keşbini bezemek bilen bilelikde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga, howa we suw çeşmeleriniň hilini ýokarlandyrmaga uly goşant goşýar.

Türkmenistanyň ekologiýa taslamalary, Aral deňzini halas etmäge bagyşlanan halkara başlangyçlary we BMG-de öňe sürýän teklipleri halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli wekilidir. Daglarymyz, sähralarymyz, derýalarymyz, guşlaryň owazy we jandarlaryň köpdürlüligi — halkymyzyň milli döredijiligine, edebiýata we sungata çeşme bolup hyzmat edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýaşlaryň köpçülikleýin bag ekmek hereketlerine gatnaşmagy, ekologiýa boýunça halkara bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri olara ekologiýa medeniýetini we gorag düşünjesini berkitmäge kömek edýär.

Gözel tebigatymyzy goramak — her birimiziň mukaddes borjumyz. Ene topragyň baýlyklaryny gorap saklamak, ýaşyl zolaglary giňeltmek, suw çeşmelerini arassalamak, jandarlary we ösümlikleri goramak we olaryň ylmy esasda öwrenilmegine gatnaşmak şu günki hem geljekki nesillerimiziň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmegiň esasy şertidir.

Ýazberdi GURBANÝAZOW
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hgi bmg THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygy mynasybetli maslahat

bmg guni THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hoşniýetli gatnaşyklaryň belent nusgasy

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop