2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Urumçy şäherinde, SUAR, HHR-de 12-nji Hytaý – Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Forumyň çäklerinde geçirilen hyzmatdaşlykda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergi hem-de dört sany söwda we ykdysadyýet, bilim, garyplygy azaltmak we aýallaryň meseleleri ýaly ugurlar boýunça geçirilen çärelerde Hytaýyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we halkara guramalarynyň wekillerini birleşdirdi. Forumyň mowzugy “Hytaý-Merkezi Aziýa ruhuny ösdürmek we umumy döwrebaplaşdyrmagy öňe sürmek” hökmünde kesgitlenildi.
Ýokarda agzalan forumyň işine Türkmenistanyň HHR-däki Ilçihanasynyň diplomatlary we Bilim ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we Zenanlar birleşmesiniň wekillerinden ybarat bolan wekiliýeti gatnaşdy.
Forumyň jemlerinde, gatnaşyjylar söwda, ýaşyl ösüş, howpsuzlyk we sebit gatnaşyklary meselelerine aýratyn üns berip, bu ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we umumy geljegi bolan has jebis Hytaý-Merkezi Aziýa jemgyýetini döretmek boýunça biragyzdan ylalaşyga geldiler.
«THE ASHGABAT TIMES».