Düýn, 24-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda biologiýa dersi boýunça onlaýn görnüşde geçirilen internet olimpiadasynyň ýapylyş dabarasy boldy. Onuň dowamynda ýeňiji bolan talyp ýaşlara baýraklar gowşuryldy.
Şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary we ylmy-amaly maslahatlary geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, 20 — 22-nji noýabr aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda biologiýa dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasy geçirildi.
Halkara internet olimpiadasyna 19 ýurduň 82 sany ýokary okuw mekdebinden, şol sanda lukmançylyk uniwersiteti bilen özara Ylalaşyklar esasynda iş alyp barýan ýurtlaryň abraýly ylym-bilim ojaklaryndan talyplar gatnaşdy. Onuň jemleri boýunça eminler topary tarapyndan ýeňiji diýlip yglan edilen talyplar altyn, kümüş, bürünç medallary hem-de, degişlilikde, 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanyldy.
Ders bäsleşiginiň netijesinde, halkara talaplara laýyklykda, 230 talyp ýeňiji diýlip yglan edildi. Olardan 43-si altyn, 72-si kümüş, 115-si bolsa bürünç medallara mynasyp boldular. Türkmen talyplarynyň 28-si altyn, 54-si kümüş, 75-si bürünç medallara, degişlilikde, 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlara eýe bolmagy başardylar.
«THE ASHGABAT TIMES».