2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýerine ýetiriji komitetiniň 156-njy Karary bilen yglan edilen Bütindünýä ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesiniň öňüni almak güni mynasybetli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (TSG we DSM) BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň goldawy bilen ylmy-amaly maslahat gurnady. Çärä öňdebaryjy hünärmenler, döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda keseliň öňüni almak we bejermek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri görkezildi. Çärä gatnaşyjylar ilkinji öňüni alyş çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar we ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesiniň öňüni almagyň esasy we ilkinji ädimi hökmünde APW (adam papillom wirusy) sanjymynyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem, sitologiki skriningden APW ilkinji skriningyna geçmek hem-de marşrutizasiýa, anyklaýşyň we bejerginiň döwrebap tendensiýalary bilen baglanyşykly temalara garaldy.
Şeýle-de ýurtda anyklaýyş prosesinde öňegidişligi görkezýän patogistologiki barlaglaryň netijeleri görkezildi. TSG we DSM tarapyndan skrining we sanjym boýunça ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maglumat-kommunikasiýa kampaniýalary barada hem maglumat berildi.

Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda raýat jemgyýetiniň wekilleri skrining we sanjym çärelerine gatnaşandyklary barada gürrüň berdiler, bu bolsa jemgyýetçilik habarlylygynyň we işjeň raýat gatnaşygynyň möhümdigini tassyklady. Çäräniň jemleýji böleginde ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesine garşy netijeli göreşmek üçin zerur bolan maglumatlary we bilimleri giňeltmekde ministrlikleriň, pudaklaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky pudagara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
UNFPA onkologiki keselleriň, şol sanda ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesiniň öňüni almakda, irki anyklaýyşda we bejermekde giň halkara tejribesine hem-de TSG we DSM bilen bu ugurda 30 ýyldan gowrak üstünlikli hyzmatdaşlyga eýedir. UNFPA aýallaryň saglygyna toplumlaýyn çemeleşmegi üpjün etmek üçin hünär we tehniki goldaw bermäge ygrarly bolmagynda galýar.
«THE ASHGABAT TIMES».