Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de sergi geçirildi.
Forumyň esasy maksady sanly innowasiýalaryň ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, häzirki zaman tehnologiýalaryny ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini seljermekden we sanlylaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat boldy.
Maslahata daşary döwletleriň 20-den gowragynyň, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, talyplar, daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenleri, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Halkara maslahatyň umumy mejlisinde innowasion tehnologiýalary we emeli aňy ulanmagyň halkara tejribesi, innowasion tehnologiýalaryň ylym-bilim ulgamyna we önümçilige ornaşdyrylyşy, sanly bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, sanly giňişlikde kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlara bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Soňra ylmy-amaly maslahat öz işini «Bilim ulgamynda sanlylaşdyrma we sanly tehnologiýalar», «Kiberhowpsuzlyk we emeli aň», «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde sanly ykdysadyýetiň orny» diýlip atlandyrylan bölümlerde dowam etdi.
«THE ASHGABAT TIMES».