Dark
Light
26.12.2025
1764164077281 THE ASHGABAT TIMES

Ata-eneler bilen bilelikdäki işleri döwrebaplaşdyrýarys

27.11.2025

Perzent terbiýesi, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri hakyndaky aladalar asyrlar bäri türkmen halkynyň esasy üns merkezinde bolmagynda galýar. Şonuň üçin hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň sazlaşykly ösüşini, mynasyp terbiýelenmegini gazanmaga degişli okuw-terbiýeçilik işleri barha kämilleşdirilýär. Bu ugurda ata-eneler bilen bilelikdäki işleriň ýola goýluşyny netijeli gazanmak hem möhüm bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, çagalar bakja-baglary bilen maşgalanyň arasyndaky işler meýilnamalaýyn ýerine ýetirilýär we guramaçylykly çemeleşilýär.

Biz hem bu ugurdaky işleri usuly taýdan netijeli guramakda gazanan tejribelerimizi paýlaşmak maksady bilen, «Çagalar bagynda ata-eneler bilen bilelikdäki işleri döwrebaplaşdyrmagyň usullary» atly elektron görkezme serişdesini taýýarladyk.

img 20251126 183413 THE ASHGABAT TIMES

Elektron gollanma hökmünde işlenilip düzülen prezentasiýada çagalar bakja-baglarynyň ata-eneler guramasy, toparlardaky ata-eneler üçin diwarlyklaryň maglumatlaşdyrylyşy, olara berilýän maslahatlar, bilelikde geçirilýän çäreleriň aýratynlyklary, degişli iş resminamalarynyň ýöredilişi, ata-enelere berilýän usuly goldawlaryň döwrebap usullary, aragatnaşygy saklamagyň häzirkizaman ýollary barada beýan edilýär. Degişli slaýdlary fotosuratlar bilen mazmunlaşdyryp, onda çaga psihologiýasyna degişli hünärmenleriň wideo çykyşlaryny hem mysal hökmünde ýerleşdirdik. Geljekde bu gollanma ýaş kärdeşlerimiziň iş tejribesini artdyrmakda usuly gollanma bolar diýip umyt edýäris.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar nesilleriň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmakda ata-eneler bilen bilelikde has netijeli işleri amala aşyrmak arkaly kämil şahsyýetleri kemala getirmäge ruhlanýarys. Mekdebe çenli bilim-terbiýeçlik işlerini üstünlikli amala aşyrmak, okuw-terbiýeçilik, guramaçylyk, usulyýet çärelerini döwrebaplaşdyrmak ugrunda ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli bilim işgärleriniň, ata-eneleriň we körpe nesilleriň alkyşlary egsilmezdir.

Gülnahal SEÝILHANOWA,
Türkmengala etrabynyň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitarap neww THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hemişelik Bitaraplygymyzyň many-mazmunyny düşündirýäris

gazagystan tm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hoşniýetli goňşuçylykdan strategik hyzmatdaşlyga

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop