Dark
Light
27.12.2025
img 20251110 180628 THE ASHGABAT TIMES

Bagy-bossanlydyr bakja-bagymyz!

12.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daş-töweregi gorap saklamak, türkmen tebigatyna aýawly çemeleşmek ugrunda döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan, bilim edaralarynda hem bu babatdaky işlere jogapkärli çemeleşilýär. Ähli ýerlerde bolşy çaly, biz hem çagalar bakja-bagymyzyň daş-töweregine miweli we saýaly baglary ekmek, gülzarlyga öwürmek ugrunda şeýle-de çagalarda tebigata söýgi döretmek, olaryň ilkinji zähmet endiklerini terbiýelemek, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek ugrunda hojalyk-guramaçylyk, okuw-terbiýeçilik işlerine jogapkärli çemeleşmäge çalyşýarys.

1762780025139 THE ASHGABAT TIMES

Her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerinde daş-töwerege ýaş bag nahallaryny oturdyp, gülleriň sanyny köpeldýäris. Sapaklarda, esasan hem, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapaklarynda okuw maksatnamasyna laýyklykda temalaryň haz mazmunly geçirilmegini gazanýarys. Topar otaglarynda otag güllerini ösdürip ýetişdirýäris, «Tebigat» burçlarynda çagalar bilen zähmet işlerini guraýarys. Ata-eneler bilen geçirilýän işlerde, günüň dowamyndaky gezelençlerde çagalaryň tebigata bolan söýgüsini artdyrmaga çalyşýarys. Bu babatdaky usulyýet we terbiýeçilik işleri öz netijelerini hem aýdyň görkezýär.

caga bag THE ASHGABAT TIMES

Ýaňy-ýakynda hem «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyrynda birinji orna mynasyp bolmak biziň çagalar bakja-bagymyzyň paýyna düşdi. Bu bäsleşikde baýrakly orna eýe bolmak biziň ähli bilim işgärlerimiziň hem-de körpelerimiziň buýsanjyny artdyrdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda şeýle zähmet üstünlikleriniň gazanylmagy bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şoňä görä-de, biz ähli babatdaky işlerimiz bilen bir hatarda döwletimiziň bu ugurdaky syýasy ýörelgelerine, ata-babalarymyzyň milli däplerine eýerip, mundan beýläk hem nahal ekmek, gülleri ýetişdirmek, çaga terbiýelemek, sowat öwretmek, hünäri kämilleşdirmek ýaly wezipeleri has-da netijeli amala aşyrmakda netijeli işlemäge borçlanýarys.

Çünki şeýle asylly maksatlar bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşup zähmet çekmek hakyndaky duýgulary bagyş edýän ajaýyp döwrümiz bar. Şeýle mümkinçilikler üçin bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Merjen ORAZBERDIÝEWA,
Mary etrabynyň 5-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, KA-nyň işjeň agzasy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

parahat bilim gun halkara THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni

bitarap taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Abadançylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop