Dark
Light
26.12.2025
mar bas THE ASHGABAT TIMES

Bakja-baglar bagy-bossan, gülgüzar!

10.11.2025

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi. Oňa etrap, şäher derejelerinde saýlanan çagalar bakja-baglary gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasatyny durmuşa geçirmek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýaş nesliň gatnaşmagyny gazanmakda, çagalarda daş-töwerek we tebigat bilen bagly düşünjeleri ösdürmekde, ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmekde ýokary ähmiýete eýe bolan bu bäsleşik Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanýar.

Mary şäheriniň 12-nji çagalar bakja-bagynda geçirilen bäsleşigiň welaýat tapgyrynda bäsleşige gatnaşyjylar degişli düzgünnamanyň şertlerine laýyklykda, bilim edarasynda bagy-bossanlyga degişli işleriň ýola goýluşy, binanyň howlusynda, daş-töwereginde, oýun meýdançalarynda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişi, baglaryň we gülleriň ösdürilip ýetişdirilişi, çagalarda ekologiýa terbiýesiniň kemala getirilişi we wagyz-nesihat çäreleriniň guralyşy, toparlarda «Tebigat» burçlarynyň döredilişi, baýlaşdyrylyşy we peýdalanylyşy, bu babatda ata-eneler bilen bilelikdäki işleriň guralyşy bilen bagly suratlar, wideolar, şekilli görnüşler bilen tanyşdyrdylar. 

mar 2 THE ASHGABAT TIMES

Bäsleşik çagalaryň döredijilik çykyşlary bilen hem utgaşdyryldy. Onda körpeler tebigat hakdaky düşünjelerini, ýurdumyzyň gözelligine, bagy-bossanlygyna, bakja-baglaryna bolan söýgülerini, päk garaýyşlaryny çeper sözleriň, sahnalaşdyrylan çykyşlaryň üsti bilen beýan etdiler. Emin-agzalaryň gelen netijelerine laýyklykda, Mary etrabynyň 5-nji çagalar bakja-bagy, Mary şäheriniň 12-nji çagalar bakja-bagy, Ýolöten etrabynyň 9-njy çagalar bakja-bagy degişlilikde birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp görüldi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsüminiň dowam edýän günlerinde geçirilen bu bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry ýeňijileriň sylaglanmagy, iň asylly we ajaýyp işlerde belent görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleriniň aýdylmagy bilen dabaraly ýagdaýda jemlendi.

Aýna NURÝAGDYÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hasyl toy25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda Hasyl toýy bellenildi

sur bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň forumyna gatnaşýar

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop