Dark
Light
03.01.2026
bitarap new THE ASHGABAT TIMES

Baky Bitaraplygymyz – dost-doganlyk ýörelgämiz

25.11.2025

Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan parahatsöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk  ýaly ýörelgelerimiz täze taryhy döwrümizde barha rowaçlanýar. Aýratyn hem, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda üç gezek ykrar edilmegi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň halkara at-abraýyny has-da belende göterýär.

Dünýä bileleşigi şu ýyl iki şanly senäni — BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyny we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyny baýram edýär. Şanly seneleriň hormatyna şu ýyl ýurdumyzyň başlangyjy bilen bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu şanly seneleri giňden dabaralandyrmak we dünýäde parahatçylygy goldamak, durnukly ösüşe ýardam bermek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy kabul edildi.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş edip, tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýete eýe bolan täze başlangyçlary öňe sürdi. Munuň özi ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasynda görkezilen gymmatlyklara we köpugurly hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de ygrarlydygyny görkezen möhüm waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyçlary umumadamzat üçin ýokary halkara ähmiýete eýedir.

Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasynyň bütin dünýäde giňden dabaralanmagy aýratyn bellärliklidir. Şunda 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek iri halkara forumyň ýokary ähmiýete eýe boljakdygyny ynamly aýdyp bolar. Bu forum şanly ýylymyzyň esasy wakalarynyň birine öwrülmek bilen, häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz bu halkara çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge giňden taýýarlyk görýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Maral HOJAKULYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitarap taze 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk – dünýä ähmiýetli gymmatlyk

sport olimp THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitarap Türkmenistan – halkara sport hyzmatdaşlygynyň mekany

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop