Balkan welaýatynyň edermen daýhanlary tarapyndan «ak altynyň» bereketli hasyly ýetişdirilip, pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi barada hoş habar gelip gowuşdy.
TDH-da bellenilişi ýaly, şu mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna iberilen hatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmekde edýän taýsyz tagallalary netijesinde daýhanlarymyzyň tehnikalar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmeginiň, döwletimiz tarapyndan dünýäniň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagynyň, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň welaýatyň pagtaçy daýhanlaryna şeýle zähmet ýeňşini gazanmaga uly ýardam berendigi bellenilýär.
«THE ASHGABAT TIMES».