okuwcy 1 nji sentyabr THE ASHGABAT TIMES

Başlangyç bilim – binýat

11.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny ösdürmäge, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunda geçen ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň tassyklan Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýanyň» kabul edilmegi hem bu babatda uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edilen bu resminama 8 bapdan ybarat bolup, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň maksatlaryny, wezipelerini, esasy ugurlaryny kesgitleýär.  Şeýle-de pedagogik işgärleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegä ünsi güýçlendirmäge esas berýär.

Ýeri gelende bellesek, Konsepiýanyň IV babynda degişli bilim basgançaklary bilen bir hatarda başlangyç bilim maksatnamasy boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek meselesine hem üns çekilýär.  Bu babatda başlangyç bilim maksatnamasy boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek wezipesi milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy,  çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, bilim ulgamynyň başlangyç bilim derejesinde okuw-terbiýeçilik işinde kompetentlik çemeleşmesinden ugur almagyň möhümligi, umumybilim maksatnamasynyň bu derejesinde okuwçylarda kemala getirilýän başarnyklar, olaryň geljekki derejelerde üstünlikli okamaklarynyň, olarda täze bilim başarnyklarynyň kemala gelmeginiň we ösdürilmeginiň, olaryň sazlaşykly ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleriniň berk binýadyň goýulýandygy bellenilýär.

Şeýlelikde, Konsepsiýa laýyklykda, okatmagyň kompetentlik çemeleşmesi pedagoglaryň öňünde bilim-terbiýe bermek işinde netijeli usullaryň toplumyny döredijilikli we giň gerimde peýdalanmaga ýol açýar. Şu maksat bilen, başlangyç synplarda okuwçylara bilim we terbiýe bermek işiniň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça usuly gollanmalar, okuwçylaryň ýaş-psihologik we fiziologik aýratynlyklary nazarda tutulyp, innowasion okuw kitaplaryny taýýarlamak işleri dowam etdiriler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesliň düýpli we döwrebap bilim almagy, kämil terbiýelenmegi, pedagogik işgärleriň hünär taýdan kämilleşmegi ugrunda şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.

Arzuw AÇYLOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
caga bilim THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Şadyýanja çagajyklar bilbil bolup saýraýandyr

caga aydym saz THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çagalarda sungata söýgi döretmek

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop