Dark
Light
28.01.2026
bedew at anna THE ASHGABAT TIMES

Bedew – türkmeniň ganaty

17.11.2025

Pederlerimizden galan bir pähim bar: «Ertir tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy». Bu pentde juda tereň many bar. Behişdi bedew — halkyň buýsanjy. Türkmeni şonsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Taryhy köküni heňňamlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, ähli babatda milliligi bilen tapawutlanýan halkyň geçmişem, şu günem, ertirem bedew at bilen baglydyr. Bedewler — türkmeniň ganaty, toýda şöhraty, durmuşda wepadar hemdemi.

Halkymyzyň bedew atyna goýýan hormaty ajaýyp döwrümizde ýene bir mertebe belende galdy. Muny Garaşsyzlyk ýyllarynda baharyň iň ajaýyp günleriniň biriniň Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanmagy, atçylyk sportuna bolan ünsüň barha ýokarlanmagy, paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda atçylyk toplumlarynyň gurlup, olarda gadym döwürlerden bäri tohumy ýitirilmän gelinýän ahalteke bedewlerimiziň idedilmegi, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi ýaly işler hem görkezýär.

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde atçylygyň we atly sportuň dürli ugurlary boýunça bu ugurdan ýaş hünärmenleri halkara derejede taýýarlamak, ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklaryny, taryhyny, seýisçilik we tohumçylyk-seçgi işlerini ylmy taýdan düýpli öwrenmek babatda möhüm işler alnyp barylýar. Şeýle hem türkmen we daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berlip, olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlar dakylýar. Olimpiýa stadionyndaky atyň heýkeliniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa buýsançly başymyzy göge ýetirdi.

Şu ýerde il içinde aýdylyp gelinýän bir rowaýata ýüzleneliň. Nesilbaşymyz Oguz han ömrüni paýawlap, demini sanap ýatyrka, ogullaryny ýanyna çagyryp: “Ogullarym! Bu meniň size iň soňky wesýetim: nesillere hemişe şu üç zady aýamagy sargyt ediň! Birinjisi — Watany, ikinjisi — ata-enäni, üçünjisi bolsa — aty” diýipdir. Görnüşi ýaly, bu rowaýata siňen hakykat ata-babalarymyzyň ýaşaýşynyň, durmuş mazmunynyň, Watan düşünjesiniň bedewler bilen baglydygyny äşgär edýär. Şeýle hakykatlar Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynda hem öz beýanyny tapýar.

Türkmen: «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýipdir. Halkyň köňül buýsanjyna, ýürek telwasyna öwrülen bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä nusgalyk derejä göteren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Konstantin GOLOWKIN,
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň molekulýar genetika bölüminiň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

daskent forum THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Daşkent forumy: sebit dialogynda täze sahypa

daskent forum 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop