Dark
Light
25.01.2026
oba hojalyk 25 THE ASHGABAT TIMES

Berekediň hem bolçulygyň mekany

20.11.2025

Garaşsyzlyk ýyllary içinde düýpli özgerdilen oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetiň iri, möhüm pudaklarynyň birine öwrüldi. Pudagyň çig mal çykarýan hojalyklaryny taýýar önümleri öndürýän önümçiliklere öwürmäge, gaýtadan işleýän senagatyň täze pudaklaryny ösdürmäge uly üns gönükdirildi. Oba hojalyk pudagyny ulgamlaýyn dolandyrmak we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, däneçilik, ekerançylyk hem-de pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary döredildi.

Oba hojalygynda geçirilen bu özgertmeler ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmäge ýardam berdi. Ýurdumyzda oba hojalyk ulgamynyň we gaýtadan işleýän senagatyň ösmeginiň netijesini bu gün bazarlaryň bereketinde hem görmek bolýar. Şu ýyl ýurdumyzyň daýhanlary gallanyň we pagtanyň bol hasylyny aldylar, edermen gallaçy daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny, pileçiler bolsa 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar.

Obasenagat toplumynyň ösdürilmegine, daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine yzygiderli üns berilmegi netijesinde döwlet tarapyndan oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ir-iýmişleriň öndürilýän möçberlerini, gara mallaryň, dowarlaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmaga uly üns gönükdirilýär. Iri maldarçylyk, guşçulyk toplumlary gurulýar, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak işleri alnyp barylýar. Türkmen pagtasy diňe bir milli dokma senagaty üçin esasy çig mal bolman, eýsem, daşary ýurtlara eksport edilýän gymmatly önüm bolup durýar. Orta süýümli hem-de aýratyn gymmatly inçe süýümli pagtanyň iň gowy görnüşleri ýetişdirilip, olaryň her biri türkmen seçgiçi alymlarynyň köpýyllyk zähmetiniň netijesidir.

Oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, azyk önümçiligini artdyrmakda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine hem-de ornaşdyrylmagyna, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyz BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Oba hojalygyny daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmek, azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyny kämilleşdirmek, ekologik abadançylyk bu gurama bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary bolup durýar. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda oba hojalyk pudagy geljek ýyllarda hem ösüşlere beslensin, saçaklarymyzyň, döwletli ojaklarymyzyň bolçulygy has-da artsyn!

Batyrguly ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim okuwcy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär

parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop