Dark
Light
26.12.2025
mekdep baslangyc THE ASHGABAT TIMES

Bilim – beýik işlere çagyryş

12.11.2025

Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris» diýen sözlerinden ugur alnyp, häzirki wagtda ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyrylyp, okuw kitaplary yzygiderli neşir edilýär. 1-nji synpa gadam basýan okuwçylara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» noutbuk kompýuterleriniň sowgat hökmünde gowşurylmagy bolsa aýratyn bellärliklidir.

Bu günki gün Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Ähli bilim ojaklarynyň okuw kitaplary, gollanmalar, görkezme esbaplary, ýokary derejede taýýarlykly mugallymlar, terbiýeçiler bilen üpjünçiligi has-da kämilleşdirilýär. Mugallymlaryň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Bilim ulgamyndaky öňdebaryjy halkara tejribeler ýurdumyzyň bilim edaralaryna işjeň ornaşdyrylýar. Ýaşlarymyzyň Ýer ýüzüniň maglumat giňişliginden erkin peýdalanmaklary üçin zerur şertler döredilýär.

Ýaş nesli belent watansöýüjilik, milli gymmatlyklara, däp-dessurlara sarpa goýmak ruhunda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dürdäne eserleriniň hem aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemek zerur. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eseri ýaş türkmenistanlylary täze üstünliklere ruhlandyrýan, beýik işlere çagyrýan, ertirlerimize şamçyrag bolýan ruhy goldaw, gymmatly gollanmadyr.

Jemläp aýdanyňda, ýaş nesliň bilim almaga bolan hyjuw-höwesini, işjeňligini, jogapkärçiligini artdyrýan möhüm işler biz ― bilim işgärlerini has-da buýsandyrýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gülkamar JUMAÝEWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yyldyz oteli THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan – ÝB: bilelikdäki toparyň mejlisi geçirildi

parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk we ynanyşmak – ynsanyýet gymmatlygy

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop