Dark
Light
26.12.2025
bilim talyplar 1 THE ASHGABAT TIMES

Bilim – iň gymmatly hazyna

12.11.2025

Täze taryhy eýýamda ylym-bilime ösüşiň, özgertmeleriň, öňegidişlikleriň hereketlendiriji güýji, şol sanda iň gymmatly hazyna hökmünde baha berilýär. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ýaş nesliň belent watansöýüjilik, milli gymmatlyklara, däp-dessurlara sarpa goýmak ruhunda terbiýelenmegi ugrunda asylly işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris» diýen sözlerinden ugur alnyp, häzirki wagtda ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyrylyp, okuw kitaplary yzygiderli neşir edilýär. 1-nji synpa gadam basýan okuwçylara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» noutbuk kompýuterleriniň sowgat hökmünde gowşurylmagy bolsa aýratyn bellärliklidir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde Milli Liderimiziň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi möhüm taryhy wakalaryň hataryndan orun aldy. Ýakynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat hem degişli ulgamlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň gazananlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi. Hususan-da, giň gerimli sergide Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklary ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwaty bilen ýakyndan tanyşdyrdy hem-de bu ugurda türkmen ýaşlarynyň alyp barýan ylmy gözlegleri, abraýly halkara ders bäsleşiklerinde gazanan ajaýyp üstünlikleri öz beýanyny tapdy.

Jemläp aýdanyňda, ýaş nesliň bilim almaga bolan hyjuw-höwesini, işjeňligini, jogapkärçiligini artdyrýan möhüm işler bilim işgärlerini has-da buýsandyrýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Kasymmyrat DURDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bag ekmek 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tebigat gözel – Watan gözel

yyldyz oteli THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan – ÝB: bilelikdäki toparyň mejlisi geçirildi

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop