sport olimp THE ASHGABAT TIMES

Bitarap Türkmenistan – halkara sport hyzmatdaşlygynyň mekany

25.11.2025

Ata Watanymyz Türkmenistanda sport ulgamyny ösdürmek üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan diňe bir iri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, sebit we dünýä derejeli ýaryşlaryň geçirilýän merkezine hem öwrüldi. Türkmen türgenleriniň halkara bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň nyşanydyr. Bularyň ählisi Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň agzasy hem-de dünýä derejeli sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.

Sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolmagynda galýar. Türgenler bolsa dost-doganlygyň we parahatçylygyň ilçileridir. Olar öz ussatlyklary, ýeňşe bolan erk-islegleri bilen Olimpiýa taglymlaryny berkarar edýärler. Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär, halklary we döwletleri jebisleşdirýär.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine-de mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Şunda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy şanly waka boldy. Ýurdumyzyň 2017 — 2021-nji ýyllar döwri üçin hem ÝUNESKO-nyň bu düzüminiň agzalygyna saýlanylandygyny we onuň işine işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek. Bularyň ählisi Watanymyzyň belent halkara abraýynyň, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini dünýäde wagyz etmekde goşýan uly goşandynyň ykrarydyr.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, dünýä derejeli sport döwleti hökmünde ata Watanymyzyň abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak babatda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Firýuza JUMAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň bedenterbiýe mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bitarap kepderi krug THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk taglymaty: taryhy esas, berk binýat

asgabat-saherindaki-dermanhanalar
Next Story

Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde saglyk pelsepesi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop