Dark
Light
03.01.2026
parahatcylyk bitaraplyk THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz!

25.11.2025

Parahatçylygy elmydama depesine täç edinen türkmen halky Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply, oňyn strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ata Watanymyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwlet bolmak bilen, parahatçylygyň, durnuklylygyň, özara düşünişmegiň işjeň tarapdary hökmünde halkara giňişlikde möhüm orny eýeleýär.

Käbir wakalara ser salsak, şu ýyl BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi Milletler Bileleşigi bilen eziz Watanymyzyň hyzmatdaşlygynyň uzak geljegi nazarlaýandygyndan nyşandyr. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine gatnaşmagy taryhy ýylyň şanly wakasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmegi Türkmenistan bilen BMG-niň netijeli hyzmatdaşlygynyň barha rowaçlanýandygynyň kepili boldy. 

Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki maksatnamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirilip, şolaryň hatarynda «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy», «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasy» ýaly möhüm resminamalar bar. Ýurdumyz BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna hem saýlanyldy. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan üçünji gezek kabul edilmegi şu ýylymyzyň taryhy wakalarynyň biri boldy.

Halkymyzyň arasynda öňden gelýän «Parahat il — abat il» diýen aýtgy bar. Ýurtlaryň asudalygy bolsa bütin dünýäniň parahatçylygynyň nyşanydyr. Illeri illere, ýurtlary ýurtlara birleşdirýän ýollar, kerwenler diňe parahat ýurduň üstünden geçýär. Bu gün gijeleri rahat, säherleri asuda Watanymyzyň üstünden dünýäniň çar künjegine ýollaram geçýär, uçarlaram uçýar. Goý, olar biziň arzuwymyzy dünýä ýaýsyn!

Gülüstan JOMARTOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitarap kepderi krug THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk taglymaty: taryhy esas, berk binýat

asgabat-saherindaki-dermanhanalar
Next Story

Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde saglyk pelsepesi

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop