Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda üç gezek ykrar edilmegi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň halkara at-abraýyny has-da belende göterýär. Geçen taryhy döwürde toplanan daşary syýasy we diplomatik tejribe bolsa Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mizemez ýörelge edinýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa agzybir halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek bilen birlikde, ählumumy parahatçylygy, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ynsanperwer ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýänligi bilen berk baglanyşyklydyr.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýäniň 104 döwletinden, halkara guramalaryň 46-syndan wekiliýetleriň gatnaşmagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onuň jemleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Ol 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynyň netijelerini jemleýän resminama bolup, 2024 — 2034-nji ýyllar üçin täze strategik gün tertibini kesgitleýär. Bu resminama bilelikdäki tagallalar üçin anyk ugurlary görkezip, DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan düzümleýin meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigine ünsi çekýär. Bu resminamanyň möhüm halkara ähmiýete eýedigini ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi hem aýdyň görkezýär.
Ýakynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş edip, tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýete eýe bolan täze başlangyçlary öňe sürdi. Munuň özi ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasynda görkezilen gymmatlyklara we köpugurly hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de ygrarlydygyny görkezen möhüm waka boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Meherrem ABDYLLAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy.