Dark
Light
27.12.2025
bitarap taze 1 THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk – dünýä ähmiýetli gymmatlyk

25.11.2025

Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan döwletimiziň milli diplomatiýasy halkara jemgyýetçiliginde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Biziň ýurdumyz sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.

Häzir halkymyzyň belent adamkärçilikli häsiýeti, ynsanperwer däpleri ýurdumyzyň hoşniýetli ýörelgesiniň aýrylmaz bölegine öwrülip, asmandaky parlak ýyldyz mysaly tutuş dünýä ýalkym saçýar. Türkmenistanyň dostlarynyň hatarynyň barha uzamagynyň ilkinji sebäbi şundadyr. Olar biziň ygtybarly we ynamdar hyzmatdaşlarymyza öwrülýärler, onuň tekliplerini hem-de başlangyçlaryny biragyzdan goldaýarlar. Sebäbi bu başlangyçlarda adamyň bähbidiniň ileri tutulýandygyny, adama kömek etmek isleseň, hut şu başlangyçlary goldamalydygyny gowy bilýärler. Şeýdip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň sany 30-dan gowrak boldy.

Halkara gatnaşyklaryň çylşyrymly ýagdaýda bolmagy köp babatda döwletleriň biri-birine ynamynyň derejesiniň, döwletara gatnaşyklaryň hiliniň peselmegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýle durnuksyzlyk ýurtlaryň arasyndaky oňyn gatnaşyklara päsgel berýär. Bu bolsa dünýäni biynjalyk edýär. Aslynda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş etmeginiň düýp sebäbi hem häzirki zaman halkara ýagdaýyna dogry baha we adalatly seljerme bermekden ybaratdyr. Bu başlangyjyň biragyzdan goldanylmagy häzirki döwrüň möhüm meseleleri babatda dünýä bileleşiginiň Türkmenistan bilen pikirdeşdigini, maksatlarynyň we garaýyşlarynyň birmeňzeşdigini, bitewüdigini görkezýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere berilýän aýratyn uly üns we ähmiýet ýurdumyzda-da, daşary ýurtlarda-da birjik-de gowşanok. Sebäbi olar parahatçylygy, durnukly we döredijilikli ösüşi goldamak hem-de pugtalandyrmak babatda ählumumy derejedäki möhüm wakalar bolar. Şoňa görä-de, bu baýramçylyk dabaralaryny we halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalar edilýär.

Leýli ARTYKOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

parahat abadancylyk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gadymyýetden gözbaşly bitaraplyk ýörelgeleri

bitarap kepderi krug THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk taglymaty: taryhy esas, berk binýat

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop