Dark
Light
26.12.2025
bitarap taze THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk – hoşniýetliligiň aýdyň ýoly

03.11.2025

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmäge gönükdirilen gymmatly düşünjeler bolup, olar häzirki wagtda döwletleriňdir halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge, durmuş, ekologiýa, ynsanperwerlik we beýleki meseleleri çözmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär hem-de olar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalaryň kabul edilmegi netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bitaraplyk biziň häzirki zaman dünýägaraýşymyzy, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan tejribelerimizi, dostluk we hoşniýetlilik däplerimizi özünde jemleýär hem-de dünýä döwletleriniň tagallalaryny birleşdirýär» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde parahatçylykly ösüşi wagyz edýän Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, Garaşsyzlygyny alan gününden bäri netijeli we oňyn, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli amala aşyrýar.

Döwletimiziň dünýäde ykrar edilen halkara hukuk ýagdaýy bolan hemişelik Bitaraplygy milli kanunçylygymyzda, Döwlet baýdagymyzda, Tugramyzda we Senamyzda öz mynasyp beýanyny tapdy. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Konstitusion Kanunlar kabul edildi.

Ýeri gelende, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllyk ýubileý senesi bilen utgaşykly sazlaşyp, şu ýylyň halkara ähmiýetini has-da artdyrýandygyny bellemek gerek. Şunda ýurdumyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli taýýarlan degişli Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan milli we ählumumy derejedäki möhüm ähmiýetli çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýip nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň paýhasyndan kemal tapýan beýik işler hem şanly taryhymyzdyr. Şunda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeler Garaşsyz Watanymyzy hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda parahatçylykly ösüşiň belentliklerine ugrukdyrýar. Goý, dünýäniň abadançylygyna, halklaryň bagtly geljegine gönükdirilen Bitaraplyk syýasatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Merdangeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sanly cozgut 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täze pikirler – täze taslamalar

pagta surat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Balkanly daýhanlar pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirdiler

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop