Dark
Light
24.01.2026
bitarap tm THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk – hoşniýetliligiň aýdyň ýoly

24.11.2025

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasaty türkmen halkynyň milli ýörelgelerinden, kalbynyň gözelliginden gözbaş alýar. Şu jähtden üstümizdäki ýylyň dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň çuň mazmuny halkymyzyň gadymdan gelýän edim-gylymlarynyň aýratynlygyny äşgär edýär.

Taryhyň dürli döwürlerinde bu topraga gelip, içgin tanşan daşary ýurtly alymlardyr syýahatçylaryň türkmen halkynyň ynsanperwer hem-de mert häsiýeti barada goýup giden ýazgylary bilen tanşylanda, parahatçylyksöýüji häsiýeti, ynanyşyp ýaşamak meýli bilen ata-babalarymyzyň dünýä nusga alarlyk görelde görkezendiklerine we taryhda öçmejek yz goýandyklaryna göz ýetirýäris. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň gerimde durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem biz: «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip, uly ynam hem-de beýik buýsanç bilen aýdýarys.

2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi bolsa jahan içre ykrar edilen Milli Liderimiziň beýik işlerini dowamat-dowama besleýän döwlet Baştutanymyzyň döwletleriň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen gymmatly başlangyçlarynyň halkara giňişliginde giň goldawa eýe bolýandygyny dabaralandyrdy.

Dünýäniň abadançylygyna, halklaryň bagtly geljegine gönükdirilen Bitaraplyk syýasatyny dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Bagtygül AMANMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

inshot 20241028 004015708 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk— halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýaňy

Sport we bedenterbiýe ulgamy
Next Story

Türkmen sportunyň dabaralanmagy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop