Dark
Light
29.01.2026
parahat kepderi THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk – parahatçylygyň we howpsuzlygyň binýady

17.11.2025

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly meşhur goşgusynda: «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr, // Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr, // Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!» diýen setirleri hem bu hakykaty aýdyň beýan edýär. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda üç gezek ykrar edilmegi milli parahatçylyk ýörelgelerimiziň dabaralanmasydyr.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş edip, tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýete eýe bolan täze başlangyçlary öňe sürdi. Munuň özi ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasynda görkezilen gymmatlyklara we köpugurly hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de ygrarlydygyny görkezen möhüm waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyçlary umumadamzat üçin ýokary halkara ähmiýete eýedir. Şolaryň hatarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek, Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini, «Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi» atly halkara forumy, Hazar ekologiýa forumyny geçirmek, Halkara araçylyk gününi, 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny», Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky we beýleki başlangyçlary görkezmek bolar.

Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasynyň bütin dünýäde giňden dabaralanmagy aýratyn bellärliklidir. Şunda 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek iri halkara forumyň ýokary ähmiýete eýe boljakdygyny ynamly aýdyp bolar. Bu forum şanly ýylymyzyň esasy wakalarynyň birine öwrülmek bilen, häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz bu halkara çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge giňden taýýarlyk görýär.

Parahatçylyk ― adam kalbynyň iň arzyly islegi. Ynanyşmak bolsa şol islegiň beýik güýjüdir. Türkmenistan dünýäde şu iki gymmatlygy beýik tutup bilýän döwlet hökmünde çykyş edýär. Häzirki zaman dünýäsinde ýüzbe-ýüz bolunýan çylşyrymly halkara ýagdaýlaryň, howplaryň öňüni almakda parahatçylyk bilen ynanyşmagyň binýadynda döredilen hyzmatdaşlyk has netijeli bolýar. Parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de milli diplomatiýamyzy ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň tagallalary bolsa halkara parahatçylygy üpjün etmekde, abadan ýaşaýşy wagyz etmekde dünýä nusgalykdyr.

Humaý JORAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

daskent forum s THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Merkezi Aziýa: sebitiň ösüşi tagallalaryň birliginde

bitarap taze 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Sport – Sagdynlygyň we Dostlugyň Belent Ganaty

26.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop