bitarap 30 yyl new THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk – ynamyň hem ylalaşygyň ýoly

19.11.2025

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzda çuňňur buýsanç duýgusyny döredýär. Üstünlikli amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün edýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenýän ýylynda gazanylýan üstünlikler has-da buýsandyryjydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanyp, daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça beýik başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty netijesinde döwletimiziň dünýädäki abraýy pugtalanýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde taryhy çykyş etdi. Bu günki günde hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän beýik işleri, başlangyçlary dünýäniň we umumadamzadyň bähbitlerinden gözbaş alýar. Hemişelik Bitaraplyk syýasatyndan gelip çykýan asylly ýörelgeler, aýdyň maksatlar parahatçylygyň berk binýady bolup, bu günki günde türkmen halkynyň parahatçylyk söýüji halkdygyny ýene bir gezek aýan etdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän dabaralaryň we çäreleriň dost-doganlygy berkitmekde ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda halkara derejesindäki geçiriljek çärelere hem örän taýýarlykly barylýar. Ynha, 6-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda guralan mejlisiň dowamynda halkara çärelere degişli guramaçylyk, hojalyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu maslahatdan belli bolşy ýaly, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralarynyň ýokary derejä eýe boljakdygyny, halkara çäreleriň üstünliklere beslenjekdigini görmek bolýar.

Biziň ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, bilim almagy, zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Halkymyzyň asylly ýörelgesini, parahatçylyk söýüjilik ýoluny wagyz etmek biz — ýaşlar üçin uly bagtdyr.

Mekan KÖMEKOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň fizika we informatika hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
tm ozbek flags THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hoşniýetli goňşuçylyk, mizemez dostluk

dustlik ordeni THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Belent sylag – çuňňur hormatyň nyşany

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop