dsc 0364a THE ASHGABAT TIMES

Bitewi saglyk çemeleşmesi esasynda okuw-türgenleşigi geçirilýär

25.11.2025

BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy bolan FAO-nyň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň döwlet weterinariýa gullugynyň bilelikde guramagynda Aşgabatda okuw-türgenleşigine badalga berildi. 3 günläp dowam etjek bu okuw-türgenleşigi “Merkezi Aziýada Bitewi saglyk çemeleşmesi esasynda pandemiýa taýýarlygy we göreş çäreleri” (Pandemic Preparedness and Response through One Health Approach in Central Asia) atly taslamasynyň çäginde geçirilýär.

Bu taslama Bitewi saglyk çemeleşmesi esasynda weterinarlaryň, lukmanlaryň hem-de ýabany tebigat pudagynyň hünärmenleriň arasyndaky gatnaşygy has-da artdyrmagy, hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagy, maglumatlary ýygnamagy we paýlaşmagy öňe sürýär. Bu okuw-türgenleşiginiň iň esasy maksady mallarda ýokanç keselleriň ýaýramagyny öwrenmek, biohowpsuzlyk, nusga almak hem-de pudagara hyzmatdaşlygy artdyrmak ýaly esasy ugurlarda bolup, şol ugurlar boýunça milli hünärmenleriň teoriýada hem-de iş ýüzünde tejribelerini artdyrmaga gönükdirilendir. Şeýle guramaçylyk Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilip, oňa weterinar gullugyndan, saglyk ulgamyndan, ýabany tebigat pudagyndan 30 töweregi hünärmen gatnaşýar.

dsc 0355a THE ASHGABAT TIMES

Okuw-türgenleşiginiň ilkinji güni seminar görnüşde bolup, FAO-nyň hünärmenleri Dewid Paton, Duriýa Çaryphan hem-de Şebnem Gürbüz özleriniň baý tejribelerini paýlaşdylar. Dewid Paton gatnaşyjylara dürli prezentasiýalary görkezip, ol ýaşur keseli barada – onuň epidemiologiýasy, anyklaýyş usuly, ýaýramagynyň öňüni alyş çäreleri, sanjym işleri dogrusynda täsirli gürrüňler berdi. Ol biohowpsuzlyk barada-da aýratyn bellikleri gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi. Seminaryň dowamynda halkara hünärmenler bilen ýerli hünärmenleriň arasynda sorag-jogap arkaly söhbetdeşlik hem guraldy.

Okuw-türgenleşiginiň ikinji güni fermede keselleri anyklamak, nusga almak usullary boýunça tejribe alyş görnüşde geçiriler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
asgabat-saherindaki-dermanhanalar
Öňki taryh

Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde saglyk pelsepesi

gazak taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen-gazak gatnaşyklarynda medeni umumylyklar

Soňkylar Habar

GitTop