Dark
Light
26.12.2025
yaslar 25 new THE ASHGABAT TIMES

Biz – juda bagtly ýaşlar!

30.11.2025

Täze taryhy döwrümizde türkmen ýaşlaryna eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde uly ynam bildirilýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Men türkmen ýaşlaryna kalbymyň töründen orun berip, olary ezizleýärin» diýýän bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýip nygtamagy biz ― ýaş nesillere bildirilýän uly ynamyň beýanydyr.

Häzirki döwürde ýaş nesiller döredijilik bäsleşiklerinde, sungat festiwallarynda, sport ýaryşlarynda ýokary işjeňlik görkezýärler, döwlet hem-de hususy düzümlerde üstünlikli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösdürilmegine goşant goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda  geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan zähmet üstünliklerinde, halkara bilim we sport bäsleşiklerinde eýeleýän belent sepgitlerinde mähriban ýaşlarymyzyň hyzmatynyň örän uludygyny aýratyn bellemegi kalbymyza egsilmez joşgun bagyşlady. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň on aýynda mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 815 medala, ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalarynyň bolsa halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 818 medala mynasyp bolmaklary buýsançly ýagdaýdyr.

Ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Şunda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa biz ― ýaşlary täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar.

Ýaşlar ― ata Watanymyzyň geljegini gurujylar. Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyryp, ýaş nesle uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Göwher JORAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

garagum bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

garassyz halk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylygyň, hoşniýetli ýörelgeleriň beýany

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop