Dark
Light
24.01.2026
doha sammit THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça II Bütindünýä sammiti öz işine başlady

05.11.2025

Katar Döwletiniň Doha şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammiti öz işine başlady. Sammit 2025-nji ýylyň 4 – 6-njy noýabry aralygynda dowam edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň bu sammitine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, bölümçelerde garyplygyň öňüni almak we jemgyýetde ähli adamlaryň deň hukukly gatnaşygyny üpjün etmek, adam hukuklaryny pugtalandyrmak, gender deňligini üpjün etmek, sosial adalaty ösdürmek, her bir adama laýyk iş üpjünçiligi we jemgyýetçilik goragy, demografik, tehnologiýa we ekologik üýtgeşmeleriň jemgyýete edýän täsiri, halkara hyzmatdaşlygy, hususy pudak we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikdäki işleri kämilleşdirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tm usa THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary başlandy

bilim umumy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Okan il ozar…

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop