Dark
Light
25.01.2026
caga aydym saz THE ASHGABAT TIMES

Çagalarda sungata söýgi döretmek

11.11.2025

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesilleriň sungata bolan söýgüsini we medeni ukyplaryny ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Çagalara sowat öwretmek, terbiýe bermek bilen bir hatarda, olarda sungata söýgüni döretmek ruhubelentligi, döredijilige we hünäre bolan höwesi artdyrýar. Şoňa görä-de, mekdebe çenli çagalar edaralarynda aýdym-saz, şekillendiriş sungaty ýaly sapaklar, medeni çäreler, sungat şüweleňleri, baýramçylyk dabaralary we beýleki guramaçylykly işler arkaly körpe nesilleriň duýgulary, sungata bolan höwesleri ösdürilýär.

Körpeleriň aýdym-saz, tans, çeper okaýyş we beýleki sungat görnüşleri boýunça düşünjelerini ösdürmegiň, başarnyklaryny baýlaşdyrmagyň ýokary ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de, nesillerimiziň çagalyk döwründen bu ugurdaky ilkinji endikleri kemala getirilýär. Saz çalmaga, aýdym aýtmaga, tans etmäge höwes edýän we ony ýerine ýetirýän çagalaryň täze nesli ýetişdirilýär. Olar döwrümiziň ruhuna we milli gymmatlyklarymyza mahsus häsiýetde kämilleşip, buýsançly çykyşlary, ýerine ýetirijilik ussatlyklary bilen ata-eneleriň we tebiýeçileriniň guwanjyny goşalandyrýarlar. Bakja-baglarynda çagalaryň medeni çykyşlaryny taýýarlamak ýa-da şanly senelere, milli baýramçylyklara taýýarlanmak pursatlary hem ezber körpeleriň ýüze çykmagyna täsir edýär. Şunda täze aýdymlaryň, tanslaryň we beýleki çykyşlaryň üstünde işlenip, olaryň bilýänleriniň üsti ýetirilýär. Körpeleriň dünýäsi aýdym-sazlara, şadyýan pursatlara mahsus. Şonuň üçin hem netijeli usulyýete daýanyp, ýaş nesillerimiziň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek biziň baş wezipämiz bolup durýar.

Çagalaryň ruhy galkynyşyny üpjün etmekde, olaryň ruhubelentligini, şadyýan ösüşini rowaçlandyrmakda ýokary ähmiýeti bolan sungatyň aýratrynlyklaryny, saz gurallaryň görnüşlerini, bu ugurdaky beýleki degişli serişdeleriň atlaryny öwretmek hem çagalaryň bu ugurda kämilleşmegine itergi berýär. Milli saz gurallarymyzy görüp, onuň owazyna joşup bilýän bagtyýar körpeleri synlanyňda bolsa bu ugurda çekýän asylly zähmetiňden aýratyn lezzet duýýarsyň. Çagalykdan sungata söýgi döretmek arkaly milli terbiýäni rowaçlandyrmaga ýol açylýar. Çagalarda geljekde hünär saýlamaga, kesp-kär edinmäge bolan düşünjeleriň binýady tutulýar.

Taryhy zamanamyzda nesilleriň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmaga, olary milli ruhda terbiýelemäge gönükdirilen ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys!

Mamagül JUMAÝEWA,
Oguzhan etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

okuwcy 1 nji sentyabr THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Başlangyç bilim – binýat

azady THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döwletmämmet Azadynyň edebi mirasy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop