Dark
Light
26.12.2025
img 20251115 195727 THE ASHGABAT TIMES

Çagalarda tebigata söýgi döredýäris!

21.11.2025

Çaga tebigat baradaky düşünjeleri bermekde, ilki bi­len, maşgalada, soňra çagalar baglarynda alnan terbiýäniň orny örän uludyr. Şoňa görä-de, mekdebe çenli çagalar edaralarynda Gün pursatlarynda çagalara yzygiderli tebigat baradaky düşünjeler berilýär. Şol günki howanyň ýagdaýy, paslyň aýratynlyklary, tebigatyň özboluşly häsiýetleri baradaky söhbetler gezelençlerde, bäsleşiklerde we gyzyklanma çärelerinde aýdyňlygy bilen ýüze çykýar.

Biz hem çagalar bakja-bagymyzda daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapaklarynda, gezelenç pursatlarynda, zähmet işinde we beýleki okuw-terbiýeçilik çärelerinde körpelere tebigata söýgi döredýäris. Şeýlelikde, tebigatymyzyň owadanlygy, ekologiýa abadançylygy, oňa goşant goşmak hakyndaky ilkinji duýgy-düşünjeler terbiýelenýär.

Sapaklarda baglar, güller, ösümlikler, daş-töweregiň ekologiýa gurşawy hakynda düşünjeleri bermekde tebigy we elde ýasalan okuw-görkezme esbaplardan peýdalanýarys. Bäsleşikler arkaly bolsa çagalar bilen tebigatyň, ekologiýa gözelliginiň suratyny çekmek, goşgular, çeper çykyşlar bilen wasp etmek ýaly çäreler geçirilýär. Çagalar tebigatymyzy, arassa asmany, Güneşi, bagtyýar çagalygy, ene topragy wasp edip goşgy okasalar, çeken suratlary bilen türkmen tebigatynyň baglaryny, daglaryny, sähralaryny şekile geçirýärler. Bakja-bagymyzda guralýan gyzyklanma çärelerde we göwnaçmalarda hem tebigy ugurly çäreler göz öňünde tutulýar. Onda haýwanjyklar, ösümlikler bilen bagly ekran eserlerine tomaşa etmek, şüweleňi, oýunlar ýerine ýetirilýär. Şeýle gyzyklanma çäreleriň üsti bilen hem körpe nesliň tebigyat we ekologiýa babatdaky terbiýesi pugtalandyrylýar. Şeýle okuw-terbiýeçilik işlerinde, ata-eneler bilen geçirilýän söhbetdeşliklerde çagalar bakja-bagymyzyň pedagogik işgärleri, terbiýeçileri, daşary ýurt dilleri mugallymlar, aýdym-saz ýolbaşçysy bilelikde çagalara mynasyp sowat öwredýärler we terbiýeleýärler. Bu işleriň sazlaşykly guralmagynda terbiýeçi-usulyýetçimiz Akjemal Jumalowa ähli bilim işgärlerine usuly kömek berip, ýaş hünärmenleriň  tejribeleriniň artmagyna itergi berýär.

Ýeri gelende bellesek, bakja-bagymyzyň daş-töweregine baglary we gülleri ekmek bilen ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyna goşant goşmaga çalyşýarys. Şunda ähli enjamçy işgärlerimiziň uly tagallalary bardyr. Ähli işgärler bilen birlikde hojalyk düzüminiň işgärleri yhlasly zähmetleri bilen bakja-bagymyzyň bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenmegini gazanýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen nesliniň milli düşünjeli, tebigatyny söýýän, onuň gözelligine, daşky gurşawa aýawly garaýan edep-terbiýeli keşbini kemala getirmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk alyp barmaga döredilýän uly mümkinçilikler üçin Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Nurjemal ÝALKABOWA,
Ýolöten etrabynyň 9-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ozbek sowda THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Serhetýaka söwda merkezi: iki doganlyk halkyň bähbidine

bitarap taze 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ynanyşmak şuglasydyr ol biziň ýürek nurumyz

Soňkylar Makalalar

Ýyllar gelýär bir-birinden zyýada

23.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ählumumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

23.12.2025
Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk sebit we ählumumy derejede netijeli dialogy yzygiderli ösdürýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Däp bolan bu hyzmatdaşlyk

Himiýa senagatynyň döwrebap ösüşleri

23.12.2025
Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda himiýa senagaty hem döwrebap ösdürilip, Gahryman Arkadagymyzyň belent maksatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman
GitTop