Dark
Light
26.12.2025
tm ozbek THE ASHGABAT TIMES

Daşkent duşuşygy: dostluk, ynanyşmak, netijelilik

19.11.2025

Özbegistanyň halk şahyry Mahmud Toiriň «Sallançakdan gözbaş alýar özbek-türkmen dostlugy» diýen setir bilen başlanýan şygry tüýs ýerine düşüpdir diýdirýär. Bu sözleriň hakykatdygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 16-17-nji noýabrynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň barşynda ýene bir gezek aýdyň ýüze çykdy.

Hawa, Merkezi Aziýanyň ýüreginde, Amyderýanyň we Syrderýanyň aralygynda ýerleşen, gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň dynuwsyz kerwenlerini goýnundan geçiren Özbegistan biziň ýurdumyzyň hoşniýetli goňşusy, ýakyn dosty, ygtybarly hyzmatdaşydyr. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. Şondan bäri hem ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklar has ýygjamlaşyp, dostlukly gatnaşyklar giňeldilýär. Geçen ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň ýokary derejeli döwlet, resmi hem-de iş saparlarynyň ençemesi amala aşyryldy.

Şu gezekki döwlet saparynyň barşynda Daşkentdäki «Kuksaroý» köşgünde döwlet Baştutanymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşmagy döwletara gatnaşyklarda täze sahypany açdy. Gepleşikler tamamlanandan soň, dürli ugurlara degişli möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi we alşyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutynyň arasynda türkmen-özbek bilermenler geňeşini döretmek hakynda Ähtnamanyň bolmagy türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň köpugurly mümkinçilikleriniň aýdyň beýany boldy. Mundan başga-da, iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň täze gözýetimlerini açmaga itergi berjek resminamalar hem aýratyn bellärliklidir.

Daşkentde ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Gülüstan geňeşliginiň çäginde hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda gurlan türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň ulanmaga berilmegi şanly ýylymyzyň möhüm wakalarynyň biri boldy.

Güljan ORAZNEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dustlik ordeni THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Belent sylag – çuňňur hormatyň nyşany

sport taz THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sport – sagdynlygyň we ruhubelentligiň sakasy

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop