Dark
Light
29.01.2026
daskent forum THE ASHGABAT TIMES

Daşkent forumy: sebit dialogynda täze sahypa

17.11.2025

Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy geçiriler. 5-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen sebitiň döwletleriniň Baştutanlarynyň forumy nobatdaky duşuşyga taýýarlyk tapgyry boldy. Bu çäräniň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçýän günlerinde guralmagy oňa has-da aýratyn dereje berdi.

Konsultatiw duşuşyklar sebitiň her bir ýurdunda yzygiderli geçirilýär. Şu ýyl ony Özbegistan Respublikasy kabul edýär. Üçünji konsultatiw duşuşygy 2021-nji ýylda Türkmenistan kabul etdi we ol «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirildi. 2023-nji ýylda Duşenbe şäherinde geçirilen şu formatdaky bäşinji duşuşygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy Bitarap ýurdumyzyň sebit hyzmatdaşlygynyň dostluk we ynanyşmak ruhunda guralmagyna hem-de ösdürilmegine goşýan ägirt uly goşandyna berlen mynasyp we ýokary baha boldy. Milli Liderimiziň oňyn halkara dialogyň giňeldilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýän öňdengörüjilikli, oýlanyşykly we parasatly başlangyçlary, aýratyn-da, döwletara gatnaşyklar boýunça yglan eden täze syýasy-filosofik garaýşy diňe halkymyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň halklarynyň hem ykbalyna iňňän jogapkärçilikli çemeleşilýändigini görkezdi.

Häzirki zaman dünýäsiniň halkara ýagdaýy köptaraply gatnaşyklaryň täze usullaryny gözlemegiň we döretmegiň zerurdygyny ýüze çykarýar. Goňşy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny seljermek, garaýyşlary anyklaşdyrmak, gatnaşyklarda täze gün tertibini maslahatlaşmak üçin netijeli sebit platformalarynyň biridir. Käbir ýagdaýlar özara hereketlere täze ugurlary girizmek üçin sebit ýurtlaryndan öz wagtynda dogry jogaby talap edýär. Bu çözgütler, ilki bilen, söwda-ykdysady, ulag, energetika we maýa goýum ulgamlaryna degişlidir. Ykdysady hyzmatdaşlyga bolsa öz kuwwatyňy doly peýdalanmak, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna ynamly goşulyşmak üçin esasy uly mümkinçilik hökmünde garalýar. Şonuň üçin konsultatiw duşuşyklarda kabul edilen çözgütleriň esasynda ýola goýlan işjeň we deňhukukly dialog, gürrüňsiz suratda, uly üstünlikdir.

Şeýlelikde, 16-njy noýabrda sebitiň Liderleri hyzmatdaşlygyň bu meýdançasynyň çäginde indi ýedinji gezek duşuşdylar. Ýokary derejeli duşuşyklarda Merkezi Aziýa sebitini özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak esasynda, gepleşiklerdir geňeşmeler arkaly ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar, ugurlaryň giň toplumy boýunça öňde durýan anyk wezipeler kesgitlenilýär. Daşkent sammitiniň gün tertibi hem sebitleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek, ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalarydyr başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen bagly soraglary öz içine aldy.

Maksat AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

arkadag kitaplary THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti

bedew at anna THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bedew – türkmeniň ganaty

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Sport – Sagdynlygyň we Dostlugyň Belent Ganaty

26.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop