emblem 25 english new THE ASHGABAT TIMES

Dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreler barada aýdyldy

30.11.2025

28-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we açylyp ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň Tertibi barada hasabat berdi.

Geljek aýyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. 12-nji dekabrda bolsa «Abadançylyk» we Bitaraplyk binalaryna gül goýmak dabaralarynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda baýramçylyk konsertleriniň, Bitaraplyk binasynda şanly sene mynasybetli baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Dekabr aýynyň dowamynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäresiniň, estrada, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 31-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde, Arkadag şäherindäki «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada, welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda Täze ýyl teleköprüsiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. 

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
gyz edep terbiye THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Edep bilen bagt tapylar

medt bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň agza döwletleriniň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy

Soňkylar Habar

GitTop