Dark
Light
27.12.2025
azady THE ASHGABAT TIMES

Döwletmämmet Azadynyň edebi mirasy

11.11.2025

Ýaşlaryň kalbynda watansöýüjiligi kemala getirmekde, olara edep öwretmekde, asylly terbiýe bermekde Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi hem uly ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň söýgüli şahyry, akyldary Magtymgulyny terbiýeläp ýetişdiren Döwletmämmet Azady öz döwrüni iň görnükli alymy hem-de zehinli şahyry bolupdyr. Ol ilki oba mekdebinde okap, soňra medresede düýpli ylym alypdyr, iliniň hormatly ýaşulusy, köpçüligiň hemaýatçysy, geňeşdary bolupdyr.

Döwletmämmet Azady ilini-ýurduny jany-teni bilen söýen şahyrdyr. Ol adyň, abraýyň iliňe-ýurduňa edýän hyzmatyňa goýulýan gadyr-gymmata baglydygyny yzygiderli nygtapdyr. Görnükli rus akademigi A.Samoýlowiç «Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet mollanyň goşgulary» diýen işinde Azadynyň öz döwrüniň alym adamsy bolanlygyny tassyklaýar.

Döwletmämmet Azadynyň öz ogly Magtymgulynyň okamagy ugrunda köp tagalla edendigini ýatlamalydyrys. Bar bolan maglumatlara görä, Döwletmämmet Azady oglan okatmagyň, dürli ylymlar bilen meşgullanmagyň daşyndan, «Azady» tahallusy bilen «Behiştnama», «Wagzy-azat» poemalaryny, «Hekaýaty-Jabyr ensap», «Rubagyt ez ruýy-zary we doga» eserlerini hem-de birnäçe goşgulary miras galdyrypdyr. Onuň «Wagzy-azat» kitabynyň ahyrynda ýerleşdirilen Gündogaryň halk lukmançylygyna degişli ýazgylary-da uly ähmiýete eýedir. Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginde nesil terbiýesi, ylym-bilim meselesi düýpli goýulýar. Ýurdy dolandyrmak, halkyň gowy durmuşda ýaşamagyny, parahatçylygy üpjün etmek üçin ylymly-bilimli bolmagyň zerurdygyny düşündirýär.

Döwletmämmet Azady «Wagzy-azat» eserinde wakalary ylmy düşündirişler esasynda beýan edýär, öwrümli pelsepe usulynda açyp görkezýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem halk diliniň baýlygyny ussatlarça ulanmagyna, milli ruhly gahrymany orta çykarmagyna Azadynyň mekdebini geçendigi ýardam eden bolsa gerek. Magtymgulynyň beýik akyldar şahyr bolmagynda Döwletmämmet Azadynyň uly hyzmaty bardyr. Muny Magtymguly: «Ylym öwreden ussat — kyblam pederdir» diýmek bilen belläpdir.

Häzirki wagtda Döwletmämmet Azadynyň edebi mirasy ylmy esasda çuňňur öwrenilýär. Munuň özi şahyryň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatlarynyň örän uludygyny aýdyň beýan edýär.

Täzegül BEKIÝEWA,
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga aydym saz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Çagalarda sungata söýgi döretmek

dayhan sarpa THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Edermen daýhanlarymyza sarpa

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop